24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Bu barada TDIM-niň resmi web saýtynda habar berilýär.
Ikitaraplaýyn söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly üns berýändiklerini nygtadylar.
Türkmenistan bilen Hindistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly geçiren gepleşikleriniň dowamynda soňky ýyllarda döwlet derejesinde, ilkinji nobatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind hem-de Premýer-ministri Nadendra Modi bilen geçiren duşuşyklarynyň hem-de telefon arkaly geçiren gepleşikleriniň dowamynda birnäçe ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn geljekde durmuşa geçirmek ugrunda degişli işleriň geçirilýändigini bellediler.
Wise-premýer Raşid Meredow hindistanly kärdeşi Subramanýam Jaýşankar bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşynyň taslamasyny durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar, şeýle-de bu hereketleriň has-da işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini belläp geçdiler.
Türkmenistan bilen Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýakynda wideoaragatnaşyk araly geçiriljek ilkinji «Merkezi Aziýa-Hindistan» sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hem pikir alyşdylar.