«Asly-Kerem» türkmen halk dessany esasynda sahnalaşdyrylan spektakl görkezildi

09:3021.01.2022
0
1686

Balkan welaýat döwlet drama teatrynda «Asly-Kerem» türkmen halk dessany esasynda režissýor Öwezmämmet Galandarowyň sahnalaşdyran spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy. Bu barada «Balkan» welaýat gazetinde habar berilýär.

Türkmen halk dessany esasynda goýlan sahna eserinde halkyň açyk göwünliligi, adamkärçilik sypatlary, her bir işde «ýedi ölçäp, bir kesişi», sabyr-kanagatlylyk, päk söýgi açylyp görkezilýär. Onda Aslynyň (keşbi ýerine ýetirenler Amansoltan Nepesowa, Gülnur Hajymämmedowa) we Keremiň (keşbi ýerine ýetirenler Rejep Nazgurbanow, Arslan Hajygurbanow) söýgüsi gyzykly beýan edilýär.

Kerem beg ençeme kynçylyklara sezewar bolup Asla duşanda, gyzyň atasy Gara Mälik ony ogurlykda aýyplap, Hüňkar patyşa tabşyrýar. Kerem dar agajyndan asjak bolanlarynda, uçup barýan durnalardan Asla habar gönderip, bir gazal aýdýar. Onuň zaryny eşiden durnalar pessaýlap, jellatlara topulýarlar. Bu ahwaly gören Hüňkar şa Keremiň bigünädigine düşünýär, ýene bir nama aýdyp, durnalary ýere iner ýaly etse, ony magşugyna gowşurjakdygyna äht edýär. Keremiň ýakymly owazyny eşiden durnalar ýere inip, halka gurap durýarlar. Şeýlelikde, ençe synaglardan geçen Kerem wysalyna gowuşýar.

Oýunda Keremiň Asla bolan söýgüsi ynandyryjy beýanyny tapýar. Bagta hilegärlik, erbet niýet bilen däl-de, diňe ak göwün we maksada okgunlylyk bilen ýetip bolýandygyny ündeýän wakalar onuň terbiýeçilik ähmiýetini has-da artdyrýar. Spektakla gatnaşýan artistler öz döreden keşpleriniň ynandyryjy bolmagy, tomaşaçylaryň ýadynda galmagy üçin köp zähmet siňdiripdirler. Sahna bezeginiň beýan edilýän wakalar bilen özboluşly sazlaşygy döredendigini hem bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň