Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepde TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy

23:5516.01.2022
0
4373
Geçen hepde TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy

Ge­çen hep­dede Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt çigmal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 54-si ha­sa­ba alyn­dy.

Da­şa­ry ýurt pu­lu­na Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Şweý­sa­ri­ýa­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Mal­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len az kü­kürt­li ýan­gyç ma­zu­dy­ny, aw­tou­lag ben­zi­ni­ni, gid­rou­sul­da aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny we yşyk­lan­dy­ryş ke­ro­si­ni­ni, şeý­le hem Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dyn­da ön­dü­ri­len di­zel ýan­gy­jy­ny sa­tyn al­dy­lar.

Rus­si­ýa­nyň, BAE-niň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri «Türk­mengaz» döw­let kon­ser­ni­niň dü­züm­le­rin­de ön­dü­ri­len teh­ni­ki kü­kür­di sa­tyn al­dy­lar.

Şeý­le-de, Tür­ki­ýä­niň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri­ne da­şa­ry ýurt pu­lu­na dem­riň ýü­zü­ni pos­dan we ýag­dan aras­sa­la­mak üçin ni­ýet­le­nen se­riş­de hem-de float list aý­na­sy ýer­le­nil­di. Ge­le­şik­le­riň ba­ha­sy ABŞ-nyň 104 mil­lion 248 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Içer­ki ba­zar üçin Türkmenistanyň işe­wür­le­ri Türk­men­ba­şy­nyň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len gur­lu­şyk ne­bit bi­tu­mu­ny, el ha­ly­la­ry­ny we plas­tik pod­don­la­ry sa­tyn al­dy­lar. Ge­le­şik­le­riň ba­ha­sy 26 mil­lion 707 müň ma­nat­lyk­dan gow­rak bol­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň