Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan raýatlary üçin Türkiýeden ýörite howa gatnawyny guraýar

20:2713.01.2022
0
12724

Ertir, 14-nji ýanwarda COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkiýede galmaga mejbur bolan türkmen raýatlary üçin Stambuldan (Türkiýe Respublikasy) Türkmenabat şäherine “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy howa ulagy uçar.

“Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralýan T53902 ýörite uçuşy Stambulyň halkara howa menziliniň resmi web sahypasynda eýýäm tertibe goşuldy. Habar berlişine görä, ýerli wagt bilen sagat 10:00-da uçar ýurduň gündogar sebitine tarap ugrar.

Yzyna gaýdyp gelýän raýatlaryň ählisi 21 günüň dowamynda hökmany saglyk çäklendirme barlaglaryny geçmeli bolarlar.

Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň togtadylandygyny ýatladýarys.

Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin olaryň ýurda dolanmagynda ýörite uçuşlary guramak ugrundaky işlerini dowam etdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň