Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Beýik Britaniýanyň täze ilçisi işläp başlady

23:1211.01.2022
0
10220

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda birnäçe ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer we ekologik ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag ugurlaryny döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gatnaşyklarda hil taýdan täze ugur — ulag diplomatiýasy peýda bolýar. BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde şu mesele boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň başyny başlan ýurdumyz bu diplomatiýany döredijileriň biridir.

Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda görkezildi. Türkmenistan goňşy Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine saldamly goşant goşýar.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň hem-de Beýik Britaniýanyň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we sanly ulgama geçirmek, hususy ulgamy goldamak ýaly strategik ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň uly wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilen BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna gatnaşandygyna ünsi çekdi.

Diplomat köpýyllyk hyzmatdaşlygyň örän işjeň häsiýete eýedigini hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, munuň köp babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilikli syýasaty netijesinde mümkin bolandygyny nygtady.

Milletiň Lideri we dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklap, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, energetika ulgamlary, gaýtadan işleýän senagat, oba hojalygy we beýleki köp sanly ulgamlar möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Milletiň Lideri ykdysady kuwwatdan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen Türkmen-britan söwda-senagat geňeşine möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu düzümiň işiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Ýurdumyzda innowasion ösüş strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi.

Diplomat öz tarapyndan britan-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, ikitaraplaýyn ykdysady hem-de işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam ediljekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýld döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň