Halajyň nah ýüplük egriji fabriginde geçen ýyl nah ýüplügiň 4900 tonnadan gowragy öndürildi

13:0508.01.2022
1
5102

2021-nji ýylda ýylda Şweýsariýanyň we Türkiýäniň meşhur kompaniýalaryndan ätiýaçlyk şaýlarynyň getirilip, önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagy Halajyň nah ýüplük egriji fabriginde alnyp barylýan işleriň netijeliligine öz oňyn täsirini ýetirdi. Şeýlelikde, ýylyň dowamynda önümleriň manat hasabyndaky mukdary meýilleşdirilenden 1,5 esse köp boldy.

Kuwwatly kärhanada 2021-nji ýylda nah ýüplügiň 4900 tonnadan gowragy öndürilip, içerki we daşarky bazarlara ýerleşdirmegiň hasabyna 50 million manatdan gowrak girdeji alyndy. Şeýlelikde, geçen ýyl öndürilen önüm öňki ýyldakydan 700 tonna golaý köpdür. Fabrikde öndürilen nah ýüplük Eýran Yslam Respublikasy, Ermenistan, Polşa, Russiýa, Türkiýe ýaly döwletlere eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň