Awstraliýanyň Murdok uniwersitetiniň alymlary ýyladyşhanada işlejek robotlary döredýärler. Bu barada «fertilizerdaily.ru» web sahypasynda habar berildi.
Awstraliýanyň Murdok uniwersitetiniň elektrotehnika kafedrasynyň alym hünärmeni Haý Wang: «Robotlar kameralardyr datçikler bilen üpjün edilýär. Olar gije-gündiz ekiniň arasynda bolup, onuň ýagdaýy baradaky maglumatlary merkeze «iberer» diýip, täze robotlaryň wezipesini düşündirdi.
Alymyň aýtmagyna görä, robotlar emeli aňa esaslanýan nawigasiýa ulgamynyň kömegi bilen, ýyladyşhanada özbaşdak hereket edip biler. Olardaky kameralar ösümlikleri dürli ýaşda surata alyp, ösüşe gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Robotlar ösümlikleriň ösüşinden başga-da, olaryň düzümindäki hlorofiliň mukdaryny, gülleýän wagtyny, kömürturşy gazynyň ýapraklara siňiş tizligini kesgitlemäge hem ýardam berer.
Awstraliýaly alym Haý Wang robotlaryň öri meýdanlarynda we oba hojalygynyň beýleki ýerlerinde mallara özbaşdak gözegçilik edip biljekdigine hem ynanýar.
