Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni döredildi

23:4124.12.2021
0
5277

24-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly iş maslahatynda wise-premýer Ç.Purçekow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Permanyň taslamasyny hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de täze belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen Türkmenistanda täze baýramçylygy döretmek baradaky Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň 6-njy awgustynda belläp geçmeli. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik, Energetika, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlikleri, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik, Energetika, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlikleri hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserni Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek barada wise-premýer Ç.Purçekowa tabşyryk berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň