Top.Mail.Ru

Telekeçi Toýly Pirowa degişli hususy kärhanada ýokary hilli deri önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär

11:0423.12.2021
0
11860

Telekeçi Toýly Pirowa degişli hususy kärhanada swarowski kristallary we 925 hilli kümüş bilen doly bezelip elde ýasalan dürli görnüşli deri önümleriniň giň toplumy bar.

Telekeçi hakyky deriden taýýarlanylan aňrybaş ýokary hilli önümleriň dürli görnüşlerini hödürleýär: erkekleriň we aýallaryň gapjyklary, zenan sumkalary, okuw torbalary (portfel), jalbarlar üçin niýetlenilen kemerler, pasportlar we sürüjilik şahadatnamalary üçin niýetlenilen daşlyklar we beýleki zerur daşlyklar.

Kärhanada hakyky deriden tikilen döwrebap önümler müşderileriň özbaşdak teklip eden sargytlaryna laýyklykda taýýarlanylýar.

Köpçülikleýin önümçilik üçin ýöriteleşdirilen bu hususy kärhana korporatiw sargytlary ýerine ýetirmeklik maksady bilen döwlet edaralary we hususy kärhanalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Her bir müşderi sargyt eden önüminiň diňe bir dizaýnyny däl-de, eýsem deriniň reňkini, görnüşini, biçüwini hem öz islegine görä saýlap, teklip edip bilerler.

Telekeçi Toýly Pirowa degişli hususy kärhananyň deri önümleri bilen «Gipertm» we «Ynamdar» internet dükanlarynda we @marseille_tp instagram sahypasynda tanşyp we sargyt edip bilersiňiz.

Habarlaşmaklyk üçin telefon belgi: +993 (64) 08-19-09

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň