Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň muzeýleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlendi

08:0011.12.2021
0
750

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan muzeýleriň arasynda yglan edilen «Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap» atly bäsleşigiň jemi jemlendi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

2021-nji ýylda giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygynyň bosagasynda jemlenen bäsleşik Medeniýet ministrliginiň garamagynda hereket edýän döwlet muzeýleriniň, ýagny welaýat, şäher, etrap, oba muzeýleriniň we muzeý şahamçalarynyň arasynda geçirildi.

Bäsleşigiň maksady türkmen taryhyny dünýä ýaýmakdan, gadymy gymmatlyklarymyzy, taryhy tapyndylary, şekillendiriş sungatyna degişli eserleri gorap saklamak, öwrenmek, muzeýleşdirmek işlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertlerine görä, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi «Ýylyň iň gowy welaýat muzeýi», Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi «Ýylyň iň gowy şäher muzeýi», Ahal welaýatynyň «Gökdepe» milli muzeýi «Ýylyň iň gowy etrap muzeýi», Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň H.Myradow geňeşligindäki Taryh muzeýi «Ýylyň iň gowy oba muzeýi», Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Murgap etrabynyň Şordepe geňeşligindäki şahamçasy «Ýylyň iň gowy muzeý şahamçasy» diýen ada mynasyp boldular. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň