Soňky habarlar

Arhiw

Halkara adam hukuklary güni mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy

15:0910.12.2021
0
8638

Türkmenistanda BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde 10-njy dekabrda bellenilýän Halkara adam hukuklary gününe bagyşlap yglan eden makala bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy.

Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara hukugyny öwrenýän talyplar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar 7-nji dekabra çenli öz ýazan makalalaryny undptm@gmail.com elektron poçtalaryna iberdiler.

Bäsleşigiň esasy mowzuklary:

- adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň orny;
- adam hukuklaryny goramagyň halkara we milli gurallary;
- adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygy;
- adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň milli derejede durmuşa geçirilmegi bilen bagly boldy.

Bäsleşige hödürlenen işlere adalatly baha bermek üçin Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat ministrlikleriniň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, şeýle-de BMGÖM-niň wekillerinden düzülen eminler topary mynasyp baha berdiler.

Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Aýbölek Amangeldiýewa birinji, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Çary Rahmanow, şeýle-de şol ýokary okuw mekdebiň talyby Diýar Yhtyýarow birinji, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Ogulbibi Mämmetgurbanow, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Hatyja Döwletnazarowa ikinji, şol ýokary okuw mekdebiň talyplary Jahan Öräýewa bilen Töfe Hoşanowa üçünji orna mynasyp boldular.

Mundan başga-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Serdar Jepbarow bilen Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Aýjan Mätiýewa dagy höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandylar.

Her ýylyň 10-njy dekabrynda bellenilýän Halkara adam hukuklary güni mynasybetli yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolan talyp ýaşlara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň