Top.Mail.Ru

Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi

20:0509.12.2021
0
6815

9-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Liderine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Igor Babuşkiniň belleýşi ýaly, Russiýada ýokary ykdysady görkezijileri gazanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Astrahan oblastynyň gubernatory pursatdan peýdalanyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň ýakynlaşyp gelýän 26 ýyllygy bilen gutlady hem-de rowaçlyk we gülläp ösüş ýolunda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutany hoşniýetli sözleri üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine mähirli sözlerini aýtdy we türkmen-rus gatnaşyklarynyň durnukly ösdürilýändigini belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ýolbaşçysy gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan hem-de strategik häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar.

Türkmen Lider Russiýanyň ýurdyň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwletara, hökümetara hem-de beýleki derejedäki gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin şertleri üpjün edýär. Bu bolsa häzirki döwrüň ýagdaýyny we geljekki meýilnamalary nazara alyp, özara gatnaşyklaryň döwrebap görnüşlerini işläp taýýarlamaga ýardam berýär.

Myhmanyň belleýşi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, ilkinji nobatda, transmilli üstaşyr ulag geçelgeleri we logistika merkezlerini döretmek boýunça möhüm başlangyçlary hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilikleri açýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek geljegi uly we häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriň deňiz menzilleriniň birnäçesine, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň “Olýa” deňiz portuna yzygiderli ýük we ýolagçy gatnawlarynyň amala aşyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Igor Babuşkiniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan möhüm pudaklardaky özara bähbitli halkara gatnaşyklary ösdürmek, döredijilikli başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça oňyn pikirleri öňe sürýär. Türkmenistan bu babatda anyk çäreleri görýär. Munuň şeýledigine bu ulgamda durmuşa geçirilen hem-de amala aşyrylýan sebit ähmiýetli taslamalar mysal bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, myhman Türkmenistanda iri forumlaryň geçirilmeginiň wajypdygyny belledi we onuň jemleri boýunça döwletara hem-de sebitara gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýän ähmiýetli çözgütleriň kabul edilýändigini nygtady.

Nebithimiýa senagaty, gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş ýaly işler möhüm ugurlaryň hatarynda agzaldy. Türkmenistanyň hem-de Astrahanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda Russiýanyň belli kompaniýalarynyň işleýändigi nygtaldy.

Russiýa Federasiýasynyň bu sebitinde türkmenleriň uly kowçum bolup ýaşaýandygyny nazara alanyňda, wajyp ähmiýete eýe bolan ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýaly gubernator Türkmenistanyň talyplaryny Astrahan oblastynyň ýokary we ýörite okuw mekdeplerinde okatmak işini dowam etdirmek babatda pikirini aýtdy. 2009-njy ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy, Astrahan oblastynda türkmen tarapynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdebi gurmagy medeniýet hem-de bilim ulgamlarynda netijeli gatnaşyklaryň ajaýyp mysallary bolup hyzmat edýär.

Igor Babuşkin pursatdan peýdalanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine örän uly üns berýändigi, Türkmenistanyň bu sebite koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekdäki ynsanperwer kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilip, türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine özara ynam bildirildi.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň