Soňky habarlar

Arhiw

Düýeler botoks üçin gözellik bäsleşiginden aýryldy

14:2409.12.2021
0
3537
Düýeler botoks üçin gözellik bäsleşiginden aýryldy

Saud Arabystanda her ýylky däbe öwrülen düýeleriň gözellik bäsleşigi bu ýyl nägileliksiz geçmedi, bäsleşigiň taryhynda ilkinji gezek düýeleriň birnäçesi ýüzüniň ýygyrdyny aýyrmak üçin botoks ulanylandygy we bedeniniň käbir ýerleriniň reňklenendigi üçin bäsleşikden aýryldy. Bu barada düýn ýurduň Saudi Press Agency habarlar gullugyna esaslanyp, AP habar berdi.

Netijede, dekabryň başynda badalga alan düýeleriň gözellik festiwalyna gatnaşmakdan düýeleriň 40-sy mahrum edildi. Bäsleşigiň baýragy 66 million dollardyr.

Gözellik ýaryşynda indiden beýläk düýelerde botoks sanjymlaryny ulanmak, ýüzüni dartdyrmak we beýleki kosmetiki üýtgeşmeler gadagan edildi, olar düýeleriň eýeleri tarapyndan öz mallaryny has özüne çekiji etmek üçin ulanylýar. Eminler topary ýeňijini kellesiniň görnüşi, boýnunyň owadanlygy, örküçleriniň gelşikliligi hem-de eşigidir özlerini tutuşy boýunça saýlar.

Görlüp oturylsa, bu ýylky bäsleşikde düýe eýeleriniň onlarçasy düýeleriniň burunlaryny we dodaklaryny dartdyran eken, haýwanlaryň myşsalaryny berkitmek üçin gormonlar we beýleki serişdeler peýdalanylypdyr.

2018-nji ýylda-da Saud Arabystanynda düýe bäsleşiginde hakyky gopgun turdy, ýagny birbada «çöl gämileriniň» 12-si 57 million dollar baýragy bolan bäsleşikden botoks ulanylandygy üçin çetleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň