Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy bellenidi

20:5304.12.2021
0
3885
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy bellenidi

2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýazi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Gepleşikleriň dowamynda Mohammad Faýazini ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň bu halkara düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi.

Diplomatlar hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin ileri tutulýan ugurlaryny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy çagalaryň saglygyny goramak we ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň ulgamlaýyn işleri alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň bu syýasaty özara baglanyşykly we biri-biriniň üstüni ýetirýän strategiýalaryň hem-de hereketleriň meýilnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar.

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmek, şeýle hem gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ähli tagallalary etjekdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň