Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2022-nji ýylda ykdysady çökgünlige garşy Maksatnamasyny tassyklady

23:3003.12.2021
0
18383

Hökümetiň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini peseltmek hem-de 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginiň Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Bu Maksatnamada milli ykdysadyýetimiziň köpugurly hem-de durnukly ösüşini saklamak, önümçilik kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bermek, daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ýaramaz täsirini peseltmek maksady bilen, toplumlaýyn işleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, hödürlenen Karara gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň