Ilham Aliýew Aşgabada iş sapary bilen geldi

10:3028.11.2021
0
6248
Ilham Aliýew Aşgabada iş sapary bilen geldi

2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana iş sapary başlandy.

Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň işine gatnaşar.

Şeýle hem, saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň liderleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasynda ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyk geçiriler. Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň wajyp ugurlary babatda pikir alşylmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň