Soňky habarlar

Arhiw

Kiçi we orta kärhanalaryň eksport mümkinçiligini ösdürmek üçin Türkmenistan AÖB-den maýa goýumlaryny çeker

23:4726.11.2021
0
9051
Kiçi we orta kärhanalaryň eksport mümkinçiligini ösdürmek üçin Türkmenistan AÖB-den maýa goýumlaryny çeker

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy noýarbda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň işi hem-de karz serişdelerini we maýa goýumlary çekmek, telekeçiligi goldamak üçin halkara maliýe guramalary we banklar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmen Lideriniň garamagyna kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalary maliýeleşdirmek üçin Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama we maliýe şertlerine gol çekişmek baradaky teklip hödürlenildi. Maliýeleşdirmäge degişli eksport ugurly taslamalara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda döredilen degişli döwlet toparynda seretmek we seljermek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň kompaniýalarynyň we hususy kärhanalarynyň gatnaşmagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bazaryň täze ugurlarynda üstünlikli işleýärler, pudaklaýyn maksatnamalary, dürli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, daşarky bazarlara bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşlerini çykarýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen işewürliginiň wekilleriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, netijeli çäreleri görmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, şol sanda iri sebit we halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Aziýa ösüş banky hem bar. Dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň onlarçasynyň amala aşyrylmagy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutany wise-premýeriň hödürlän tekliplerini makullap, bellenen işleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň