Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol toparlarynyň dördüsine AFK-nyň ygtyýarnamalary berildi

14:3825.11.2021
0
3730
Türkmenistanyň futbol toparlarynyň dördüsine AFK-nyň ygtyýarnamalary berildi

Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň dört wekili ― «Ahal», «Altyn asyr», «Köpetdag» we «Merw» 2022-nji ýylda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ýaryşlaryna gatnaşmak üçin degişli ygtyýarnamalary almak işlerini üstünlikli tamamladylar. Bu ygtyýarnamalar yklym ýaryşlaryna gatnaşmagyň esasy şertleriniň biridir.

AFK-nyň resmi web saýtynda berilýän maglumata görä, «Ahal» futbol toparyna 2022-nji ýylda ýurdumyza Aziýanyň Çempionlar ligasynda we AFK-nyň kubogynda wekilçilik etmek üçin degişli ygtyýarnama berildi. Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawyny birinji orunda tamamlan topar möwsümiň ahyrynda ýaryş tertibinde eýelän ornuna görä, geljek ýyl bu ýaryşlaryň islendik birine gatnaşyp biler.

«Ahaldan» başga-da üç toparymyza ― «Altyn asyra», «Köpetdaga» we «Merwe» geljek ýylda AFK-nyň kubogyna gatnaşmak üçin degişli ygtyýarnamalar berildi.

Biziň ýurdumyzdan şu ýyl «Ahal» we «Altyn asyr» futbol toparlarynyň AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşandygyny ýatladýarys. «Ahala» bu ýaryşyň sebitleýin finalyna çenli baryp ýetmek başartdy.

AFK Merkezi Aziýa döwletlerinden Özbegistanyň 12, Gyrgyz Respublikasynyň 5 toparyna degişli ygtyýarnamalary berdi. Owganystan bilen Täjigistandan bolsa heniz bir topar hem ygtyýarnama alanok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň