Top.Mail.Ru

«Samsung» kiçishemalaryň önümçiligi boýunça kärhana gurmakçy

14:4124.11.2021
0
1143

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics kompaniýasy ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Teýlor şäherinde kiçishemalaryň önümçiligi boýunça bahasy 17 milliard dollar bolan zawod gurmakçy. Bu barada ynamdar çeşmelere salgylanyp, The Wall Street Journal gazeti ýazýar.

Täze kärhanada 1,8 müň işçi orunlary dörediler, emma önümçilige 2024-nji ýylyň aýagynda başlanar. Bu barada kompaniýanyň ştatyň hökümetine hödürlän resminamalarynda aýdylýar.

Samsung öň üç ýylyň dowamynda kiçishemalaryň önümçiligini uly pudaga öwürmek maksady bilen, bu taslama jemi 205 milliard dollar maýa goýum goýmakçydygyny habar beripdi.

Sebäbi ýarymgeçirijileriň dünýäde gytlygy pudaklaryň köpüsine— smartfonlardan we durmuş tehnikasyndan başlap, awtoulag senagatyna çenli uly urgy etdi.

Bu habardan soň Samsung kompaniýasynyň paýnamalary Seuldaky birža söwdalaşyklarynda 0,5 göterim gymmatlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň