Şu gün Günorta Koreýa Respublikasynyň eks-prezidenti Çon Dun Hwan 90 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada «az.trend.az» web sahypasy «Yonhap» habarlar agentliginiň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.
Habarlara görä, Çon Dun Hwan ýarawsyzlygy zerarly şu gün irden öz öýünde ýogalypdyr.
1970-nji ýyllarda goşun generaly bolan Çon Dun Hwan 1979-njy ýyldaky döwlet agdarylyşygynda şol wagtky Prezident Park Çon Hiniň aradan çykmagy bilen häkimiýet başyna geldi. Çon Dun Hwan 1979-njy ýyldan 1988-nji ýyla çenli Prezidenti wezipesinde işledi.

