Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly etrabynda täze hassahana açylyp, ulanylmaga berildi

23:4010.11.2021
0
7526

Şu gün Magtymguly etrabynda 50 näsagy stasionar usulda hem-de 30 näsagy ambulatoriýa usulynda bejermäge niýetlenen täze hassahana açylyp, ulanylmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Iki gatly binalar toplumyndan ybarat bolan bu hassahana Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Awstriýanyň, Türkiýäniň, Polşanyň, Şwesiýanyň, Ispaniýanyň, Slowakiýanyň, Belgiýanyň, Niderlandlaryň, ABŞ-nyň we Koreýa Respublikasynyň dünýä belli kompaniýalarynyň iň täze ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri üçin ähli şertler döredildi.

Hassahanada kabul ediş, maslahat beriş, funksional-anyklaýyş, iç keselleri, çaga keselleri, tiz kömek we beýleki bölümler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem onuň düzümine barlaghana we gan banky girýär.

Maslahat beriş bölüminde terapewt, hirurg, oftalmolog, gulak-burun-bokurdak, stomatolog we beýleki lukmanlaryň otaglary göz öňünde tutuldy. Keselleri dürs anyklamaga, zerur bejergini kesgitlemäge talap edilýän lukmançylyk kömegini tiz bermäge mümkinçilik berýän iň täze enjamlar olaryň ygtyýaryndadyr.

Funksional-anyklaýyş bölüminde ýokary derejeli hünärmenler näsaglary kabul edýär. Bu ýerde ultrases barlag otagynda «Phillips» kompaniýasynyň «Affiniti» ultrasesli anyklaýyş enjamy gurnaldy. Hakykatda, munuň özi keselleri barlamagyň köpugurlylygy bilen tapawutlanýan innowasion häsiýetli binýatdyr. Kardiolog lukmanyň otagynda 12 kanally «Cardio M Plus» (Medical Econet) we Germaniýanyň «Siemens» kompaniýasynyň elektrokardiografy bilen üpjün edildi. Bu enjam ýüregiň ähli bölümleriniň işleýşiniň aýratynlygyny görkezmäge ukyplydyr.

Rentgen otagy, kompýuter tomografiýa we endoskopiýa otaglary iň häzirki zaman ýöriteleşdirilen enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Hususan-da, bu ýerde Awstriýanyň «EMS Handelsges» kompaniýasynyň «Sienna» elektroensefalograf enjamy, Italiýanyň «Villa Sistemi Medicali» kompaniýasynyň flýurograf we rentgen-enjamy, «Phillips» kompaniýasynyň «Access CT» kompýuter tomografy, Ýaponiýanyň «Hoya Corporation» kompaniýasynyň «EG-2990K» wideogastroskop enjamy we beýlekiler oturdyldy.

Hassahananyň ýatymlaýyn bölüminiň düzümine hirurgiýa, terapiýa, operasiýa, fizioterapiýa, çaga dogrumy, ginekologiýa, ýokanç keseller, anesteziologiýa we reanimasiýa bölümleri girýär. Şolaryň ýörite enjamlar bilen üpjünçiligi iň ýokary halkara ölçeglere kybap gelýär. Bu ýerde näsaglaryň keselleriň görnüşine baglylykda, netijeli hem-de ýokary hilli bejergi almagy üçin ähli şertler döredildi. Bir we iki orunlyk bejergi otaglary talabalaýyk derejede enjamlaşdyryldy, bu ýerde ähli amatlyklar göz öňünde tutuldy.

Operasiýa bölümi Germaniýanyň «Olympus» kompaniýasynyň «Various» monitorly laparoskop enjamy bilen enjamlaşdyryldy, ol garyn boşlugynyň agzalarynda az şikesli operasiýalary geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Fizioterapiýa bölüminde oturdylan owkalama sekileri, el-aýaklaryň iri we ownuk bogunlarynyň çeýeligini dikeltmek üçin enjam, wakuum, elektrik, magnit — mikroyrgyldyly we lazer terapiýasy üçin enjamlar operasiýalardan, şikes ýetmelerinden soňra näsaglaryň sagalmagyna, zähmet ukyplylygyny çalt dikeltmäge, maýyplygyň öňüni almaga niýetlenendir.

Hassahananyň bäbekhana bölüminde ähli zerur şertler döredildi. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň hem-de tutuşlygyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm bölegidir. Täze doglan çagalar üçin niýetlenen bejergi otaglarynda bu hassahanada dünýä inen bäbeklere göwnejaý ideg etmek üçin ähli zerur enjamlar göz öňünde tutuldy. Bäbekler we olaryň eneleri lukmanlaryň hem-de ähli lukmançylyk işgärleriniň hemmetaraplaýyn aladasy bilen gurşalyp alnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň