Odre Azule ÝUNESKO-nyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

12:4211.11.2021
0
686

Odre Azule BMG-niň Baş Assambleýasynyň 41-nji sessiýasynda sesleriň köplügini gazanyp, guramanyň medeniýet wekilhanasynyň, ýagny ÝUNESKO-nyň başlygy wezipesine dört ýyl möhlet bilen gaýtadan saýlandy.

2017-nji ýylda bu wezipä bellenen Azuleniň kandidaturasy bu gezekki ses berlişikde ýeke-täk boldy, onuň üçin agzalaryň 169-synyň 155-si ses berdi. Indi onuň täze möhletdäki işi 2022-nji ýylyň ýanwaryndan başlanar.

Azule Pariž-Dofin uniwersitetini we Pariždäki Syýasy seljermeler institutyny tamamlady, Edara ediş milli mekdebinde we Beýik Britaniýanyň Lankaster uniwersitetinde okap bilimini artdyrdy. Soňra medeniýet ugrundan ýolbaşçy wezipelerde işledi.

2014-nji ýylda Fransiýanyň Prezidenti Fransua Ollandyň medeniýet we aragatnaşyk serişdeleri boýunça geňeşçisi boldy, medeniýet ministri bolup işledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň