TÝL ― 2021: «Altyn asyr» 800-nji utugyny gazandy

20:1008.11.2021
0
3240

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynda «Köpetdagdan» 2:1 hasabynda üstün çykan «Altyn asyr» çempionatyň taryhynda toplan utuklarynyň mukdaryny 800-den geçirdi. Bu ýeňişden soňra toparyň utuklarynyň umumy mukdary 802-ä çykdy.

«Aragatnaşykçylar» bu netije bilen Ýokary liganyň taryhynda iň kän utuk toplan toparlaryň sanawynda altynjy orunda barýar. Bäşinjilikdäki «Ahalyň» 823 utugy bar.

«Altyn asyryň» Türkmenistanyň çempionatynda 2008-nji ýyldan bäri yzygiderli çykyş edip gelýändigini ýatladýarys. Topar iň kän utugyny 2016-njy ýylda gazandy. Şol ýyl taryhyndaky üçünji çempionlygyna hem mynasyp bolan topar 95 utuk toplap bilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň