Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary esasynda ýurtda balykçylyk pudagynyň telekeçileriň ygtyýaryna berilmegi bu pudagyň ilerlemegine ýardam edýär. Muny Mary welaýatynyň çäginde döredilen «Täze balyk» hususy kärhanasynyň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Çünki kärhananyň balykçylarynyň köp bolmadyk wagtyň içinde amala aşyran netijeli işleri olaryň görkezijileriniň düýpli ýokarlanmagyna oňyn täsir etdi.
Bada-bat döwrebap gaýyklaryň we balyk tutmak üçin niýetlenen enjamlaryň ýeterlik mukdary bilen üpjün edilen telekeçi hünärmenler Hanhowuz, Saryýazy suw howdanlarynda, Lebap welaýatynyň Ýerajy ýaly suw köllerinde we başga-da birentek ýerlerde bar bolan balyklary aýawly saklamak, olara gözegçilik etmek, goruny köpeltmek, balyk tutmak hem-de tutulan balyklary täzeligi bilen ilata ýetirmek ýaly derwaýys işlere aýratyn üns berýärler. Netijede, Mary şäheriniň çäginde we welaýatyň etraplarynda elýeterli bahalardan alyjylara hödürlenýän täze balyklar ilaty begendirdi.
Öz öňlerinde goýan wezipelerine üstünlikli hötde gelip, balyk tutmak bilen baglanyşykly meýilnamalaryny aýma-aý artykmajy bilen berjaý edýän kärhananyň zähmetsöýer balykçylary şu günler öz ukyp-başarnyklaryny işleriniň has-da ilerlemegine gönükdirýärler.
Balykçylar toparlary bäsleşikli işläp, goy netijeleri gazanmagyň hem hötdesinden gelýärler. Aýratyn hem Hanhowuz suw howdanynda jogapkärçilikli möhüm işleri amala aşyrýan balykçylaryň 50-ä golaý toparlarynyň agzalary tapawutlanyp zähmet çekýärler.