«Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine daşary ýurtly işewürler uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 1-nji noýabrdaky sanynyň 5-nji sahypasyndaky «Bäsdeşlige ukyply önümler» atly makalada habar berilýär.
«Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň senagat zolagynda ýerleşýär. 2018-nji ýylda önümçilige başlan kärhanada diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli bolan ýokary basyşa çydamly polietilen suw turbalary, diametri 16 — 32 millimetr bolan elektrik geçiriji kabeller, diametri 100 millimetrden 250 millimetre çenli bolan iki gatly lagym turbalary öndürilýär. Munuň üçin kärhanada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 14 müň 400 tonna çig maly gaýtadan işlemäge deňdir.
Önümçilige gerek bolan çig malyň esasy bölegi Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. Kärhanada işçi-hünärmenleriň ýigrimiden gowragy zähmet çekýär. «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti ýokary hilli önümleri bilen diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarda hem öz ornuny pugtalandyrýar. Hojalyk jemgyýetiniň önümleri Özbegistan Respublikasyna, Gruziýa Respublikasyna eksport edilýär. Bu önümlere Russiýa Federasiýasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň işewürleri hem gyzyklanma bildirýärler.

