«Şagadamyň» futbolçysy Röwşen Begjanow Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasyndaky ilkinji pökgüsini geçirdi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, ol çempionatyň 3-nji tapgyrynda toparynyň «Altyn asyr» bilen geçiren duşuşygynyň goşmaça wagtynyň 3-nji minudynda tapawutlandy. Duşuşygyň 4:2 hasabynda «Şagadamyň» ýeňşi bilen tamamlanandygyny ýatladýarys.
Şeýlelikde, Röwşen Begjanow Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri tapawutlanan 302-nji futbolçy boldy.
