Germaniýada işçi elleri ýetmezlik edýär

10:5128.10.2021
0
874

“Britanlaryň ýüzbe-ýüz bolan kynçylygy golaý wagtda Germaniýa hem garaşýar: ýurtda ýangyç ýetmezçiligi emele geler we dükanlaryň tekjeleri boşar” diýip, GFR-niň “Die Welt” gazeti ýazýar.

Munuň esasy sebäbi hem, hünärmen ýetmezçiligidir, «Häzirki wagtda ýurda 1,2 million işgär ýetenok, olaryň üçden iki bölegi hünärli işçilerdir” diýip, Federal iş üpjünçiligi wekilhanasynyň başlygy Detlef Şeele aýdýar.

Onuň sözlerine görä, hünärleriň 70-si boýunça işgärlere zerurlyk ýiti duýulýar, meseläni zähmet migrasiýasy hakynda täze kanun bilen çözmek meýilleşdirilýär. Kärleriň arasynda iň gereklisi sosial pedagoglar bolup durýar, ýurda olaryň 18 müňüsi gerek. Şepagat uýalary hem ýetmeýär. On bäş hünärden ybarat sanawda elektrik-gurluşykçylar, santehniklerdir ýük ulag sürüjileri bar.

Agzalan kärlerdir hünärler boýunça işgärleriň ýetmezliginiň esasy sebäbi ortaça 900 ýewrodan durýan az zähmet hakydyr. Bilermenler işgär ýetmezçiliginiň golaý ýyllarda-da dowam etjekdigini, munuň sebäbini pensiýa gidýän işçileriň ornuny tutjak täze hünärmenleriň ýetişmegi üçin wagt gerekdigi bilen düşündirýärler.

Gazetiň ýazmagyna görä, ýük ulaglarynyň sürüjileriniň gytlygy Beýik Britaniýada bolşy ýaly, golaý wagtda Germaniýada-da üpjünçilik meselesi babatda krizise getirse gerek. Munuň esasy sebäbi hökmünde ilatyň garraýandygy görkezilýär, şonuň üçin ýaşlary bu käre çekmek möhüm bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň