Arhiw

“Forbes” Ilon Masky adamzadyň taryhynda iň baý adam diýip yglan etdi

16:0827.10.2021
0
6972

Amerikaly inžener we işewür Ilon Maskyň maliýe emlägi 270 milliard dollara ýetdi, muňa onuň “Tesla” kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasynyň gymmatlamagy sebäp boldy. Netijede, telekeçi bütin adamzadyň taryhynda iň baý adam diýlip yglan edildi. Bu barada 26-njy oktýabrda “Forbes” žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, şu düşenbede “Teslanyň” paýnamalary “Herts” kompaniýasyna 100 müň sany elektrik ulaglaryny kärendesine bermek boýunça baglaşan geleşiginden soňra 13 göterim gymmatlap, kapitaly 1 trillion dollardan hem geçdi.

“Forbes” häzirki wagtda Maskyň hususy maliýesiniň 257,6 milliarda ýetendigini ýazýar, bu neşiriň 1982-nji ýyldan bäri ýöredip gelýän hasaplamalarynyň taryhynda iň ýokary görkezijidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň