EYR-na saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşygy geçirildi.
Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtamak bilen, taraplaryň bu ugurdaky ähmiýetli başlangyçlarynyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerinde yzygiderli goldanylýandygyna kanagatlanma bildirdiler.
Ýurtlaryň energetika ulgamyndaky özara hereketleriniň derwaýys meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljekde iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň pudaklaýyn hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.