Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: 1-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

22:1025.10.2021
0
540

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Üç duşuşykda 11 pökgi: Tapgyrda derwezelere häzire çenli 11 pökgi geçirildi. Tapgyryň senesi başga güne geçirilen duşuşygynyň hem bardygyny ýatladýarys.

Möwsümde 17 gol: Bu tapgyrdan soň möwsümde geçirilen gollaryň sany 17-ä ýetdi

14 golçy: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 14-e çykdy.

Öý eýeleri ― rüstem: Duşuşyklaryň üçüsinde hem öý eýeleri ýeňiş gazandy.

23 sary kartçy: Yzda galan duşuşyklarda eminler jemi 23 futbolça sary kart görkezdiler. Heniz birden kän duýduryş alan futbolçy ýok.

Gollara baý minutlar: Şu möwsümdäki duşuşyklaryň 11-nji, 66-njy we 90+2-nji minutlarynyň her birinde iki pökgi geçirildi.

«Altyn Asyr» – «Energetik» – 3:0

Gollar: 11 Altymyrat Annadurdyýew, 66 Mihail Titow, 90+2 Begmyrat Baýow.

Annadurdyýew ― ornunda: «Altyn asyryň» şu möwsümdäki ilkinji iki duşuşygynda hem tapawutlanan geçen ýylyň bombardiri eýýämden öz ornuna geçdi.

«Altyn asyr» ýene üç pökgi geçirdi: «Altyn asyr» şu möwsümdäki iki duşuşykda hem garşydaş derwezelere üç pökgi geçirip bildi.

Häzirlikçe, möwsümde iň tapawutly ýeňiş: Yzda galan 5 duşuşygyň şu duşuşykdan başga hiç birinde ýeňiji garşydaşyndan 3 gol tapawudy bilen üstün çykmady.

«Ahal» – «Nebitçi» – 2:0

Gollar: 28 Ilýa Tamurkin, 61 Elman Tagaýew.

Tagaýew ― öňdebaryjylaryň biri: «Ahalyň» iki duşuşygynda hem tapawutlanan ýarym goragçy Altymyrat Annadurdyýew we Yhlas Magtymow bilen bilelikde bombardirleriň sanawynyň başyny çekýär.

«Şagadam» – «Merw» – 4:2

Gollar: 14, 90+5 Yhlas Magtymow, 82 Farhad Italmazow, 90+2 Hemra Amanmämmedow ― 6 Begenç Alamow, 27 Pirmyrat Gazakow.

Magtymow ― eýýäm öňde: Ol şu möwsümde 2 pökgi geçirip bilen üç futbolçynyň biri.

Magtymow 50-nji goluny geçirdi: «Türkmenportalyň» sport habarçysynyň şahsy hasaplamalaryna görä, Yhlas Magtymow Ýokary ligadaky 50-nji pökgüsini tora girizdi.

Italmazowyň 10-njy goly: Biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, Farhad Italmazowyň Ýokary ligadaky gollary 10-a tegelendi.

Iki tapgyryň iň köp golly duşuşygy: 6 pökgi geçirilen bu duşuşyk yzda galan 5 oýunda iň kän gol geçirilen oýun boldy.

Iň ir geçirilen pökgi: Begenç Alamowyň şu duşuşykda geçiren goly Ýokary liganyň 29-njy möwsüminde, häzirlikçe, iň ir geçirilen pökgüdir.

Iň giç geçirilen pökgi: Duşuşykda iň giç geçirilen gol hem şu oýna degişli. Ol Yhlas Magtymowyň goşmaça wagtyň 5-nji minudynda geçiren goludyr.

Magtymow ― ilkinji: Yhlas Magtymow şu möwsümde bi duşuşykda birden artyk pökgi geçirip bilen ilkinji futbolçy boldy.

1000-nji gol: Duşuşykda geçirilen üçünji pökgi «Şagadamyň» Ýokary liganyň taryhyndaky 1000-nji goludyr.

«Köpetdag» – «Aşgabat» (geçirilen 12.11.2021 ý.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň