Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: bir duşuşykda möwsümiň iň irki we iň giçki gollary geçirildi

21:4025.10.2021
0
677

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 29-njy möwsüminde häzir çenli iň ir geçirilen gol «Şagadam» ― «Merw» duşuşygynda hasaba alyndy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, duşuşygyň heniz 6-njy minudynda myhman toparyň tejribeli futbolçysy Begenç Alamow tapawutlanyp, toparyny öňe çykardy.

Edil şonuň ýaly hem, yzda galan duşuşyklardaky iň giç geçirilen gol hem şu oýna degişli. Onuň awtory duşuşygyň goşmaça wagtynyň 5-nji minudynda tapawutlanan Yhlas Magtymowdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň