Sankt-Peterburgly gämi gurluşykçylary Türkmenistan üçin birleşdirilen materiallardan taýýarlanan soňly gämileri gurarlar. Muny Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow hepdelik radio ýüzlenmesinde mälim etdi.
Gubernator ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistana resmi sapary wagtynda gämi gurluşygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.
― Peterburg gämi gurluşykçylary birleşdirilen materiallardan ýasalan gämileri Türkmenistana iberer. Türkmen tarapy bilen Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdyk ― diýip, Sankt-Peterburg teleýaýlymy Aleksandr Beglowyň sözlerini getirdi.
Sankt-Peterburgda dürli derejeli gämiler gurulýan 40-dan gowrak zawod bar. Bu kärhanalaryň 12-si Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasynyň bir bölegidir.