Türkmenistanyň baýdagy Ýerewandaky monitorlarda görkezilýär

19:0023.09.2021
0
9210

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Ýerewanyň merkezi meýdançalarynda we köçelerinde oturdylan mahabat monitorlarynda ýerleşdirildi. Bu barada ArmInfo habar berýär.

Iki günüň (23-24-nji sentýabr) dowamynda mahabat monitorlarynda türkmen baýdagynyň şekili bolan wideo görkeziler.

Bu çäre Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen guralyp, ol 27-nji sentýabrda belleniljek Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň