“Time” žurnaly dünýäniň iň täsirli adamlarynyň 100-ligini çap etdi

16:4017.09.2021
0
1330

Abraýly Time žurnaly dünýäniň iň täsirli adamlarynyň sanawyny çap etdi, olaryň arasynda britan şazadasy Garri we onuň aýaly Megan Markl neşiriň daşky jildini bezediler. Ýeri gelende aýtsak, neşir bu sanawy her ýyl täzeläp durýar.

Garri we Megan geçen ýyl özleriniň korollyk borçlaryndan ýüz öwrüp, Beýik Britaniýadan Kaliforniýa göçüp bardylar.

Žurnalyň öz daş sahabynda şazadanyň aýaly bilen suratyny ýerleşdirmeginiň ýene bir sebäbi, Garri düýn, 15-nji sentýabrynda doglan gününi belledi.

Time neşiriniň bu ýylky sanawyna aýdymçylar Britni Spirs, Billi Aýliş, kantri sazynyň ýyldyzy Dolli Parton, tennisçi zenan Naomi Osaka, Apple kompaniýasynyň baş drektory Tim Kuk, aktrisalar Keýt Uinslet, Skarlett Ýohanson girdiler.

Sanawyň liderler bölüminden Prezident Jo Baýden, Hytaýyň başlygy Si Szinpin, öňki Prezident Donald Tramp we Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala orun aldy.

Garri we Megan garaşsyz durmuşda ýaşamak üçin ABŞ-a göçüp baransoňlar, Archewell Foundation hususy gaznasyny esaslandyrdylar hem-de teleşowhunlary döretmek üçin bähbitli geleşikleri baglaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň