Arhiw

Türkmenistanyň ozalky Döwlet münberi «Oguzhan» köşkler toplumynyň Işewürlik merkezine öwrüler

22:5416.09.2021
0
1207
Türkmenistanyň ozalky Döwlet münberi «Oguzhan» köşkler toplumynyň Işewürlik merkezine öwrüler

Hökümet mejlisi tamamlanansoň, Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen taslamalara garady. “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasynyň wekili milletiň Lideriniň garamagyna paýtagtymyzyň merkezi künjegindäki binalary döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly taslamalary hödürledi.

Aşgabatda täze Döwlet münberiniň toplumynyň gurulmagy bilen, milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, ozalky münberiň durkuny täzeläp, ony döwrebaplaşdyryp, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň Işewürlik merkezine öwürmek boýunça birnäçe teklip taýýarlanyldy.

Fransuz kompaniýasynyň wekili döwlet Baştutanyna taýýarlanylan taslamalar hem-de geçirilýän degişli işler barada habar berdi. Täze Işewürlik merkezi şäheriň bu künjegindäki desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer, Türkmenistanda hususy pudagyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly ähmiýet we goldaw berilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, merkeziň ähli desgalary häzirki zamanyň enjamlary, innowasiýalar, şol sanda internet tehnologiýalary, sanly ulgam bilen üpjün ediler. Bu ýerde mejlisler zaly, iş otaglary ýerleşdiriler, dürli derejeli duşuşyklary hem-de işewür gepleşikleri guramak we geçirmek üçin ähli zerur şertler dörediler.

Türkmenistanyň Prezidenti täze Döwlet münberiniň toplumynyň açylmagy bilen, ozalky Döwlet münberini Işewürlik merkezine öwürmek baradaky teklibiň maksadalaýykdygyny aýdyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň