Soňky habarlar

Arhiw

On ýaşly gyzjagaz Eýnşteýden hem zehinli

17:1112.09.2021
0
9885

Meksikaly on ýaşly Adhara Perez Sançes mekdebi ulgam we senagat inženerligi derejesi bilen gutardy.

Zehinli çaga üç ýaşynda okap başlady, şol bir wagtyň özünde algebrany öwrenip başlady we çylşyrymly meseleleri işledi. Ýöne ol mekdepde deň-duşlary bilen düşünişmezlik sebäpli, okuwa bolan gyzyklanmasyndan daşlaşdy. Soňra ejesi onuň ukyplaryna laýyk gelýän täze okuw meýilnamasyny gözläp başlady.

Synaglardan soň, hünärmenler on ýaşly Adharanyň IQ-siniň 162 bala ýetýändigini, munuň bolsa Eýnşteýn bilen Stiwen Hawkingiň IQ-sinden hem ýokarydygyny anykladylar. «Deti.mail.ru»-nyň habar bermegine görä, häzirki wagtda ol Arizona uniwersitetine girmäge taýynlanýar we kosmos gözleg maksatnamasyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň