Soňky habarlar

Arhiw

«Bvlgari» Seuldaky wirtual sergä tomaşa etmäge çagyrýar

19:4405.09.2021
0
2615

Italiýanyň «Bvlgari» moda kompaniýasy Seul sungat merkezindäki Rim öýüniň sergisinde islendik adama wirtual gezelenç etmäge mümkinçilik berýän programma hödürledi. Programma koreý we iňlis dillerinde elýeterlidir.

Ilki bilen, ulanyja awatar döretmek we «Bvlgari» şaý-sepleri we esbaplary bilen bezemek haýyş edilýär. Döredilen wirtual gurluş gezelençde ulanyja ýoldaş bolar, şeýle hem dürli meseleleri ýerine ýetirmäge kömek eder.

Iýul aýynda açylan «Bvlgari Reňkler» sergisinde jaýyň miras kolleksiýasynyň ajaýyp bölekleri we ýygyndylary, şaý-seplerden ylham alýan häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň