«Miweli ülke» HK banany Ekwadordan Özbegistana gaýtadan eksport etdi

17:0204.09.2021
0
9893

Kawendiş hilli Ekwador bananyň 21 ton töweregi «Miweli ülke» kärhanasy tarapyndan Özbegistana eksport edildi. Häzirki wagtda kärhana bu önümiň ýene-de birnäçe toplumyny ugratmagy meýilleşdirýär.

Ýerli bazary üpjün etmek we eksport mümkinçilikleri ösdürmek bilen bagly meseleleri çözmekde «Miweli ülke» kärhanasy oňyn netijeleri gazandy. Geljekde kärhana ýakyn we uzak daşary döwletlerine edilýän eksport önümleriniň möçberini hem-de çägini artdyrmagy meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda «Miweli ülke» Türkmenistana miwe we bakja önümlerini getirýän iň iri kärhanadyr. Bu hususy kärhana tarapyndan ýokary hilli miwe we gök önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Mundan başga-da, kärhana «Hoşwagt» haryt-nyşanly süýjüli patrak, çipsy we bugdaýdan taýýarlanylan önümleri, şeýle-de kofäni alyjylara hödürleýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň