Geljek okuw ýylyndan başlap, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde mugt bilim aljak daşary ýurtly talyplaryň sany köpeldiler. Muny «Rossotrudniçestwonyň» başlygynyň orunbasary Pawel Şewsow mälim etdi. Onuň sözlerine görä, ýurtda mugt bilim alyp biljek ýaşlaryň sany 23 müňe ýetiriler. Deňeşdirmek üçin maglumat bersek, häzir ýurtda 18 müň daşary ýurtly talyp mugt bilim alyp bilýär.
Bu sany köpeltmek meselesi Döwlet Dumasynyň wekilleriniň we Federasiýa Geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda birnäçe ýyl bäri ara alnyp maslahatlaşylýar. Pawel Şewsowyň bellemegine görä, «Rossotrudniçestwo» Daşary işler ministrligi we Bilim we ylym ministrliginiň bilelikdäki işleriniň netijesinde hökümet geçen ýyl kwotalary artdyrdy.
Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl Türkmenistandan 1800 adam Russiýadaky muugt okuw orunlary üçin ýüz tutdy. Olaryň 220-si synaglaryň netijesinde okuwa kabul edildi.
Köpeldiljek orunlaryň aglabasy GDA agza döwletleriň wekilleri üçin bolar.