Ispaniýanyň köp ýerinde yzyny kesmän ýagýan ýagyşdyr çabgalar sebäpli ýokary derejedäki howp ýagdaýy yglan edildi diýip, bu ýurduň meteorologiýa gullugy (AEMET) habar berdi.
Düýn irden ýagan ýagyşlar sebäpli ýurduň käbir şäherlerini suw basdy, ýagdaý has-da Tarragon, Kastelon şäherlerinde çylşyrymly bolmagynda galýar. Madridde hem güýçli çabga netijesinde metrony suw basdy, şäherara otlularyň hem gatnawyna päsgelçilik döredi.
Şäheriň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugyna ir säherde howa şertleri bilen bagly kömek sorap, jaňlar yzyny kesmän geldi.
Şäherleriň käbirinde elektrik üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy, köçelerde hereket togtady. Ýerli häkimiýetler ilata öýden çykmazlygy maslahat berýär.
Ýagyşlaryň şu gün, penşenbede hem dowam etmegine garaşylýar.
