Top.Mail.Ru

Missisipi derýasy akymyny üýtgetdi

11:5731.08.2021
0
1777

Öňňin, 29-njy awgustda ABŞ-nyň Luiziana ştatyny basan “Ida” harasaty sebäpli, Missisipi derýasynyň akym ugruny terse öwrendigi hasaba alyndy.

Ştatyň günorta-gündogaryndaky derýanyň akymy bilen bagly bolup geçen bu geň hadysa barada Blumberg habar berýär.

“Ida” harasaty Luiziana ştatynyň kenarýakalaryny basdy, harasat zerarly ştatda ýarym million ýaşaýjy elektriksiz galdy, binalardyr agaçlar ýykylyp, adam heläkçilikleri hem bar.

Ýurduň Prezidenti Jo Baýden ştatda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň