Soňky habarlar

Arhiw

Filippinli oýlap tapyjy elde ýasalan enjamda uçmak boýunça rekordy täzeledi

22:2214.08.2021
0
4571

Filippinli Kiks Mendiola öýde ýasan agaç enjamy bilen 7 minut 22 sekuntda 2894 metr aralygy uçup geçdi.

Munuň özi elde ýasalan uçuş enjamlaryndaky täze dünýä rekordydyr. Uçuş wagtynda Ginnesiň rekordlar kitabynyň komitetiniň wekilleriniň ýoklugy sebäpli bu ýazgy resmi taýdan ykrar edilmedi, ýöne Mendiola muny tassyklap biljekdigine ynanýar.

Kiks Mendiola bäş ýyl mundan ozal ilkinji taslamasyny durmuşa geçirip, onuň kömegi bilen ýerden, takmynan, 0,9 metr beýgeldi. Şondan soň oýlap tapyjy Awstraliýanyň «Star» kompaniýasy bilen howa taksisini döretmek üçin hyzmatdaşlyga başlady.

Emma pandemiýa meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginiň öňüni aldy. Gyzykly tarapy ýörite inženerçilik biliminiň ýokdugy oňa bu taslamany durmuşa geçirmäge päsgel bermedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň