Top.Mail.Ru

«Galam» kanselýariýa harytlary dükanynda mekdep bazary başlandy

14:4604.08.2021
0
12266

Täze okuw ýylynyň bosagasynda «Galam» kanselýariýa harytlary dükanlary alyjylary mekdep harytlaryny satyn almaga çagyrýar. Bu ýerde okuw üçin niýetlenilen harytlara, şol sanda okuw torbalaryna 15 göterimden 20 göterime çenli arzanladyş yglan edildi.

«Galam» okuw we iş üçin niýetlenilen esbaplaryň, iş kagyzlaryň dükanlaryny özünde birikdirýän toplumdyr. Ol ýurdumyzyň içerki bazarynda 20 ýyl bäri hereket edýär. Mundan başga-da galam.tm internet dükany hem alyjylara öz hyzmatyny hödürleýär.

Bu saýtda okuw we iş harytlaryndan başga kitaplary hem sargyt edip satyn alyp bolýar. Munuň üçin saýtyň degişli penjiresine gerek bolan kitabyň hem-de onuň awtorynyň adyny, şeýle-de öz adyňy we telefon belgiňi girizmek ýeterlikdir.

«Galam» dükanlar toplumy Türkmenistanyň ähli şäherlerindäki satyjylary hyzmatdaşlyga çagyrýar.

«Galam» dükanynyň dürli görnüşli we ýokary hilli iş we okuw esbaplary mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň arasynda uly islege eýedir. Depderler, ýazuw hem çyzuw üçin zerur esbaplar, mekdep ýantorbalary, papkalar, portfeller, kagyzlar, syýalar, reňkli hem reňksiz galamlar, steplerler, flomasterler, bellik depderçeleri, bloknotlar, ýazuw üçin gurallar we beýleki harytlar «Galam» dükanynda alyjylara ýetirilýär.

Gerekli harytlary dükanyň saýtynda hem sargyt edip bolýar. Satyn alnan harytlar hem-de eltip berme hyzmaty üçin tölegler nagt we bank karty arkaly nagt däl görnüşinde kabul edilýär.

«Galam» dükanlar toplumy «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde (0-njy gat, dükan А-19, telefon: 46-81-56, 46-96-02) we «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezinde (Lomaý bazar, 1gat, dükan А-107, telefon: 42-29-29) ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň