Soňky habarlar

Arhiw

«Miweli ülke» banan we sitrus miwelerini ýetişdirip başlar

11:5303.08.2021
0
3812

Häzirki wagtda «Miweli ülke» hususy kärhanasy tarapyndan 50 gektar ýer böleginde banan we sitrus miwelerini ýetişdirmek boýunça ýyladyşhananyň gurluşygy dowam edýär. Bu barada kärhananyň ýolbaşçysy «Bereketli toprak» gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle hem 600 gektardan ybarat bolan ýer böleginde tohumlaýyn ýeralmany ösdürip ýetişdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

2016-njy ýylda esaslandyrylan hususy kärhanada miweleri we gök önümleri saklamak üçin ammarlaryň bardygyny we bu ýerde «Hoşwagt» haryt nyşanly kofeleriň öndürilýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň