Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýada ses radarlary işläp başlady

14:5830.07.2021
0
3762

Fransiýanyň köçelerinde gaty sesli awtoulaglary we motosiklleri ýüze çykarjak üýtgeşik radarlar peýda boldy.

Mundan beýläk Parižiň, Nisanyň, Lionyň we Bronuň köçelerinde oturdylan şeýle radalar gaty sesli ulaglaryň eýelerine awtomatiki ýagdaýda jerime ýazar.

Enjam kameradan we mikrofondan ybarat. Mikrofon sesiň çeşmesiniň ugruny kesgitläp bilýär. Soňra kamera sesiň çeşmesine öwrülip, ​sesi ​aşa güýçli ulagy surata düşürýär.

«Mag.auto.ru»-nuň habar bermegine görä, häzirki wagtda ses radarlary synag tapgyrynda işledilýär. Täze enjamlaryň ýalňyşmak derejesi entek belli däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň