Soňky habarlar

Arhiw

Arktikada saz saklawhanasy gurlar

12:1630.07.2021
0
1133
Arktikada saz saklawhanasy gurlar
Surat: ria.ru

Norwegiýanyň “Elire Management Oslo” kompaniýasy 2022-nji ýyla çenli Arktikada geljege miras goýmak üçin özboluşly saz saklawhanasyny gurmakçydygyny habar berdi, onda ýerleşdiriljek saz eserleriniň ýazgylary bir müň ýyl saklanyp biler.

“Global Music Vault” diýlip at beriljek täze taslama Norwegiýanyň we Demirgazyk guşaklygyň arasynda ýerleşýän Şpisbergen diýen ýerde, 305 metr çuňlukda bina ediler.

Taslamanyň eýeleri onuň hatda iň ýowuz tebigy heläkçiliklerde-de aman galjakdygyny wada berýärler.

Häzir “Elire’s Global Music Vault” kompaniýasy ýurduň “Piql” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri alyp barýar, soňky ady tutulan kompaniýa öň Arktikanyň dünýä arhiwini gurupdy, onda saklanýan sungat eserleriniň nusgalarynyň arasynda Watikanyň kitaphanasynda saklanýan manuskriptleriň, Rembrandyň işleriniň nusgalary bar.

“Biz özümizi ynsan hökmünde terbiýelän hem-de milletleri kemala getiren saz eserlerini indiki siwilizasiýalar üçin miras galdyrmak isleýäris” diýip, “Elire” kompaniýasynyň wekili Lýuk Jenkins nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň