Nusgawy «Nokia 6310» telefony gaýtadan öndürildi

17:5428.07.2021
0
5862

«HMD Global» kompaniýasy nusgawy «Nokia 6310» telefon modelini täzeden işe girizdi. Telefonyň täze wersiýasy 2001-nji ýyldakysyndan reňk, göwre we ekran tarapyndan tapawutlanýar. Nusgawy görnüşdäki düwmeli telefonyň 8 MB RAMY-y, 16 MB içerki ýady bar. Ol iki sany SIM kartany goldaýar.

Ýene bir täzelik telefonyň 2,8 dýuýumlyk ekranynyň bolmagydyr. Onda «Bluetooth 5.0» we Wi-Fi modullary bar. Telefonyň batareýasy hem zardaýy ýokary derejede saklap bilýär.

«Kommersant»-yň ýazmagyna görä, täze telefon gara, sary we ýaşyl reňklerde hödürlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň