Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 28-nji iýulda howa +34...+40° yssy bolar

23:0227.07.2021
0
463
Türkmenistanda 28-nji iýulda howa +34...+40° yssy bolar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 28-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25...+27° maýyl, gündizine +37...+39° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm. Çyglylygy 10-30 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9-14 metr, käýerlerinde 19 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24...+29° maýyl, gündizine +34...+39° yssy, kenarýaka etraplarynda +29...+34° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +32...+34°, basyşy 746 mm. Çyglylygy 40-60 %.

Awazada: howa +31...+33°, basyşy 753 mm. Çyglylygy 40-60 %.

Balkanabat şäherinde: howa +36...+38°, basyşy 752 mm. Çyglylygy 30-50 %.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23...+28° maýyl, gündizine +35...+40° yssy bolar.

Änew şäherinde: howa +38...+40°, basyşy 733 mm. Çyglylygy 10-30 %.

Tejen şäherinde: howa +37...+39°, basyşy 737 mm. Çyglylygy 15-35 %.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22...+27° maýyl, gündizine +35...+40° yssy bolar.

Mary şäherinde: howa +36...+38°, basyşy 733 mm. Çyglylygy 10-30 %.

Baýramaly şäherinde: howa +37...+39°, basyşy 732 mm. Çyglylygy 5-25 %.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9-14 metr, käýerlerinde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22...+27° maýyl, gündizine +36...+41° yssy bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +36...+38°, basyşy 734 mm. Çyglylygy 5-25 %.

Kerki şäherinde: howa +39...+41°, basyşy 727 mm. Çyglylygy 10-30 %.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22...+27° maýyl, gündizine +34...+39° yssy bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +36...+38°, basyşy 747 mm. Çyglylygy 15-35 %.

Köneürgenç şäherinde: howa +35...+37°, basyşy 748 mm. Çyglylygy 20-40 %.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň