Soňky habarlar

Arhiw

Tokio ― 2020: türkmenistanly suwda ýüzüjileriň çykyşlary başlandy

17:1125.07.2021
0
32406
 Tokio ― 2020: türkmenistanly suwda ýüzüjileriň çykyşlary başlandy

Şu gün Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda 100 metr aralyga arkanlygyna we zenanlaryň arasynda 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmek boýunça ýaryşlar başlandy. Bu görnüşlerde biziň ýurdumyza 26 ýaşly Merdan Ataýew bilen Olimpiýa ýygyndymyzyň iň ýaş wekili ― 19 ýaşly Darýa Semýonowa wekilçilik etdi.

Tokio şäherindäki Suw sport toplumynda geçirilen ýaryşlarda biziň ýurdumyza ilkinji bolup Darýa Semýonowa wekilçilik etdi. Ol brass usulynda 100 metr aralygy 1 minut 16.37 sekuntda geçip, umumy netijede 47 türgeniň arasynda 39-njy orny eýeledi. Elbetde, bu netijäniň biziň ildeşimize iň güýçli 16 ýüzüjiniň arasyna girmäge mümkinçilik bermändigi düşnükli. Ýöne ol 2019-njy ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilen dünýä çempionatyndaky netijesini 0,36 sekuntlyk gowulady. Mundan bäş ýyl ozal, heniz 14 ýaşynda Rio de Žaneýrodaky olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşan ildeşimiz şol Oýunlardaky netijesini bolsa 3,47 sekunt gowulady.

Erkekleriň arasynda 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça ýaryşa bolsa aşgabatly halkara derejeli sport ussady Merdan Ataýew gatnaşdy. Bu aralygy 55,24 sekuntda geçen ildeşimiz 41 türgeniň arasynda 34-nji orny eýeledi. Şeýlelikde, Merdan hem bu gezek ahyrky nokada 2019-njy ýylda geçirilen dünýä çempionatyndakydan 0,10 sekunt öň geldi.

Şeýlelikde, Darýa Semýonowa Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşyny tamamlady. Merdan Ataýew bolsa 28-nji iýulda 200 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça ýaryşlara gatnaşar.

Türkmenistanly suwda ýüzüjileri Olimiýa oýunlaryna Sergeý Ýepifanow taýýarlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň