Soňky habarlar

Arhiw

“Emmi-2021” baýragynyň dalaşgärleri yglan edildi

11:5219.07.2021
0
618

Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Los-Anjeles şäherinde 73-nji gezek sylaglanyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýän “Emmi-2021” baýragynyň dalaşgärleri resmi yglan edildi.

Sanawyň başyny Netflix platformasy üçin surata düşürilen “Täç” we “Disneý +" striming serwisi üçin döredilen “Mandalorly” diýen teleseriallar çekýär, olar 24 ugur boýunça baýraga dalaş ederler.

“Drama serialda iň oňat zenan keşbi üçin” ugry boýunça baýraga “Täç” teleserialynda şa aýaly Ýelizaweta Ikinjiniň we hanym Diananyň keşbini döreden Oliwiýa Kolman we Emma Korin bäsleşerler.

1990-njy ýyldan bäri “WarnerMedia” kompaniýasynyň şahamçasy bolan HBO (Home Box Office) teleýaýlymy kabel we hemra teleýaýlymlary ulgamlarynyň arasyndaky bäsleşikde öňdeligi eýeleýär, ol 130 ugur boýunça “Emmi” baýragyna dalaşgärlik edýär.

“Emmi” (Primetime Emmys) – teleýaýlymlaryň arasynda iň abraýly baýraklaryň birirdir, onuň ellerinde simwoliki daşy saklap duran ganatly zenan keşbindäki heýlekiniň her ýylky eýeleri Telewideniýe sungatlarynyň we ylymlarynyň Akademiýasynyň 23 müň töweregi agzasynyň ses bermeginde kesgitlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň